«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ täze Call Center hyzmatyny hödür edýär.Call center (jaňlar merkezi) hyzmaty esasan ýerleýän harytlarynyň köpçülige niýetlenen we müşderi sany köp bolan işewürler, edara-kärhanalar tarapyndan ulanylýar.Call center hyzmaty üçin ýörite serwer enjamy «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-niň binasynda ýerleşdirilip, onuň saz we bökdençsiz işlemegi üçin gije gündiziň dowamynda 24 sagat tehniki gözegçilik alnyp barylýar.Call center hyzmatyny birikdirjek kärhananada zerurlyga we islege görä 2-3-den 30-a çenli, gelýän jaňlara jogap berýän operator iş ýerleri gurnalyp, sazlap berilýär.Operator ýeri kompýuter (noutbuk), gulaklyk (nauşnik) we mikrofon bilen üpjün bolmaly (müşderiniň hasabyna).Kärhananyň müşderiler üçin niýetlenen şäher telefon belgisine şol bir wagtyň özünde birnäçe jaňlar gelip bilýär we telefon belgi hemişe elýeter (zanýat däl) bolup, jaň haýsy operator boş bolsa şonuň iş ýerine (kompýuterine) birikdirilýär. Eger-de müşderi jaň eden wagtynda hemme operator meşgul bolan ýagdaýynda, jaň nobata goýulyp saz eşidilip durýar.Kärhananyň harytlaryna ýa-da hyzmatlaryna gyzyklanma bildirýän müşderileriň gerimi näçe giň we gelýän jaňlaryň sany näçe köp bolsada, Call center hyzmaty üçin bir ýa-da iki telefon belgi berkitmek ýeterlik bolup durýar.Call center hyzmatyny öz işewürlik maksatlary üçin ulanmaklyga gyzyklanma bildiren taraplaryň islegine görä, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-i tarapyndan bu hyzmat 1 (bir) aý möhlet bilen synag-seljeriş hökmünde hem gurnamaklyga mümkinçilik döredilen.Habarlaşmak üçin – 495800, 420422
