«Apple» kompaniýasy 2000 dollarlyk eplenýän «iPhone Duo» smartfonyny tanyşdyrdy
«Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçysy wezipesinde Tim Kukuň ornuny tutan Jon Ternus işe başlanyndan bary-ýogy iki hepde geçenden soň, kompaniýanyň taryhyndaky iň uly özgerişlik bolan eplenýän «iPhone Duo» smartfonyny tanyşdyrdy. Kitap görnüşinde açylyp-ýapylýan bu enjamyň satylyşy 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda başlanar. Onuň ABŞ-daky bahasy 1999–3199 dollar aralygynda bolar.
«Duo» açyk görnüşinde ykjam «iPad» planşetini ýatladýar, eplenen ýagdaýynda bolsa giň ekranly smartfona öwrülýär. Ternusyň bellemegine görä, kompaniýanyň inženerleri bäsdeş kompaniýalaryň goýberýän ýalňyşlyklaryny gaýtalaman, diňe bir «birleşdirilen iki telefon» däl-de, amatly we kämil enjam döretmegi başardylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda «iPhone 18 Pro» we «18 Pro Max» görnüşleri hem tanyşdyrylyp, olaryň bahasy degişlilikde 1199 we 1299 ABŞ dollaryndan başlanýar.
Hünärmenler bu täze önüme batyrgaý ädim hökmünde baha berip, belgili bir töwekgelçilikleriň bardygyny hem nygtaýarlar. «Forrester» kompaniýasynyň analitigi Dipanjan Çatterjiniň pikirine görä, «Duo» enjamy diňe gymmat bahaly, uly abraý getirýän haryt bolup galyp biler ýa-da «Apple Watch» sagatlary ýaly bazarda öz durnukly ornuny tapyp biler.




