Häzirki wagtda maglumatlary köpçülige SMS ýollamak arkaly ýetirmek iň bir ygtybarly we netijeli usulýet hasaplanylýar. Sebäbi müşderiniň smartfonyna gelen SMS-iň açylyp okalmagynyň ähtimallygy, maglumatlary köpçülikleýin ýaýratmagyň beýleki görnüşlerine garanyňda has ýokary bolup durýar. Şu nukdaý nazardan SMS Center hyzmaty Siziň we siziň müşderileriňiziň arasyndaky ýokary netijeli aragatnaşyk kanalyny döredýär. SMS Center hyzmatyny ulanmak bilen Siziň kärhananyz tarapyndan ýerlenýän harytlar, amala aşyrylýan hyzmatlar, dürli aksiýalar, arzanlaşlyklar ýa-da balans galyndysy, müşderi bergileri baradaky ýaly dürli mazmunly maglumatlardan peýdalanyjylar hökmany suratda habarly bolarlar.«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ tarapyndan häzirki wagtda müşderilere giňden hödür edilýän Call Center hyzmaty bilen bir toplumda SMS Center hyzmatyny ulanmak şu wezipeleri ýerine ýetirmekde uly ýardam berer:
  • Täze gelen harytlar ýa-da aksiýalar, arzanlaşyklar barada müşderileri habarly etmek
  • Kärhanaňyz we müşderi üçin wajyp bolan ýatlatmalary ibermek
  • Müşderiler bazasyny toparlara bölmek bilen, her topar üçin aýratyn niýetlenen maglumatlary ýaýratmak
  • Kärhananyň öz müşderiler bazasyny ýöretmek bilen, her bir aýratyn müşderini doglan güni bilen gutlamak
  • Başga-da birnäçe peýdaly mümkinçilikler
AŞTU